meýilleşdirýär. Merkezi edarasy Osloda ýerleşýän “Hydro” dünýädäki iň uly alýumin kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýa häzirki wagtda dünýäde 50 töweregi ýurtda işleýär. “World Wide Wind” bolsa ýel turbinalaryna ýöriteleşen kompaniýa bolup, dürli ölçeglerdäki ýel beketlerini gurýar, täze tehnologiýalary durmuşa geçirýär. Täze teklip edilýän ýel diňi ýelkenli gämilere meňzeş bolup, dik okda oturdylan ters öwrümli perlerden ybarat bolar. Bu ýel turbinasynda “V” şekilli üç perli iki ganat bar. “World Wide Wind”-yň hünärmenleri bu diňi gurmak üçin gury ýerde gurmaga niýetlenen tehnologiýadan peýdalanypdyrlar. Bu ýel diňi çuň suwly deňizlerde oturtmaga niýetlenýär.
Deňizde yzygiderli şemalyň öwüsmegi arassa çeşmeden durnukly energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Emma suwüsti ýel beketlerini diňe ýalpak deňizlerde gurup bolýar. Çuň deňizde ýel diňini gurmak gymmada düşýär. Şeýle bolansoň, hünärmenler gämiler ýaly suwuň ýüzünde durýan, aşa şemal bolanda hem ýykylmaýan ýel turbinalaryny işläp taýýarlaýarlar. Bu iki kompaniýanyň gurjak ýel beketleri ozal ulanylan materiallardan hem-de alýuminden öndüriler. “Hydro” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bolsa, geljegi uly bolan energiýa pudagynda işlemeklerini özleri üçin artykmaçlyk hasaplaýarlar.
Göwher Gylyçdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









