Ba­zar bar­lag­la­ry­ny ge­çir­ýän «Eu­ro­mo­ni­tor In­ter­na­tio­nal» kom­pa­ni­ýa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk taý­dan ösen şä­her­ler ba­bat­da mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. «Top 100 City Des­ti­na­tions In­dex 2025» at­ly mag­lu­mat­da Pa­riž sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ýo­ka­ry ba­ha be­ren şä­he­ri bo­lup­dyr. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty sy­ýa­hat­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy, dur­nuk­ly­lyk, howp­suz­lyk we yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da myh­man­la­ry­nyň göw­nün­den tu­rup­dyr. Je­mi 100 şä­he­riň gi­ri­zi­len sa­na­wyn­da Mad­rid (Is­pa­ni­ýa), Toki­o (Ýa­po­ni­ýa), Rim (Ita­li­ýa) we Mi­lan (Ita­li­ýa) il­kin­ji bäş­li­ge gi­rip­dir. Al­tyn­jy ýe­ri Nýu-Ýork, ýe­din­ji or­ny Ams­ter­dam eýe­läp­dir. Is­pa­ni­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka şä­he­ri Bar­se­lo­na iki bas­gan­çak ýo­ka­ry ga­lyp, se­ki­zin­ji bo­lup­dyr. Il­kin­ji on­lu­gy de­giş­li­lik­de, Azi­ýa­dan Sin­ga­pur bi­len Se­ul jem­läp­dir.
Mag­lu­mat­da ge­çen ýyl iň köp da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy ka­bul eden şä­her­le­riň sa­na­wy hem ber­lip­dir. Bu sa­naw­da 30,3 mil­li­on myh­man ka­bul eden Bang­kok öň­de­li­gi eýe­le­ýär. De­ňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Tai­lan­dyň paý­tag­ty te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri bi­len köp­le­ri özü­ne çek­ýär. Gon­kong (23,2 mil­li­on), Lon­don (22,7 mil­li­on), Ma­kao (20,4 mil­li­on) we Stam­bul (19,7 mil­li­on) il­kin­ji bäş­lik­de özü­ne orun ta­pyp­dyr. Du­baý (19,5 mil­li­on), Mek­ge (18,7 mil­li­on), An­tal­ýa (18,6 mil­li­on), Pa­riž (18,3 mil­li­on) we Kua­la-Lum­pur (17,3 mil­li­on) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.