Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy 2024-nji ýylda bu pudakda rekorda garaşylýandygyny mälim etdi. Mundan ozal, 2019-njy ýylda dünýäde halkara syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetip rekord goýupdy. Syýahatçylyk guramasynyň marketing maglumatlary we bäsdeşlik boýunça direktory Sandra Karwao 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 88 göterim töweregi bolmagyna garaşylýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, pandemiýadan ozal Ýewropadan soňra ikinji ýerde durýan Aziýada syýahatçylyk pudagynyň giç hem bolsa ösüp başlapdyr. Karwao bu ösüşiň dowam eden ýagdaýynda halkara syýahatçylaryň sanynyň üstümizdäki ýylda 1,5 milliarddan geçjekdigini belledi. Emma bu ýagdaý syýahatçylaryň has köp barýan ýerlerinde käbir kynçylyklary döredip biler. Soňky ýyllarda käbir kenarýaka şäherlerinde syýahatçylar üçin çäklendirmeler girizilip başlandy.