2024-nji ýylda Hytaý çölleşmäge garşy göreşde möhüm tapgyra öwrülen “Takla-makan çölüniň ýaşyl guşagy” taslamasyny tamamlady. Taslamany amala aşyrmak üçin 46 ýyl gerek boldy we taslamanyň özi, daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýurtdaky çägeli tupanlaryň täsirini azaltmaga gönükdirilen üç sany “Demirgazyk tokaý gorag guşagy” maksatnamasynyň bir bölegidir.
Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginde, Sinszýan sebitinde Takla-Makan çölüni gurşap alýan, takmynan, 3000 kilometre uzalyp gidýän ekologiýa zolak döredildi. Agyr şertlere uýgunlaşýan guraklyga çydamly ösümlikleri ulanmak arkaly ösümlik örtügini köpeltmek; agaç oturtmagy ýerli ykdysadyýet bilen birleşdirmek, şol sanda miweleri we dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we tokaý meýdanynyň köpelmek bu başlangyjyň esasy maksatlarydyr. Tokaý meýdanlarynyň giňeldilmegi 1949-njy ýylda 10 göterim bolan bolsa, ösüş 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 25 göterimden gowrak bolupdyr.
Ösüşe garamazdan, çölleşmek çynlakaý mesele bolup galýar: çöller henizem Hytaýyň çäginiň 17,58 göterimini eýeleýär. Uly suwaryşy talap edýän gurak şertlerde ösümlikleri saklamak üçin zerur suwuň ýetmezçiligi möhüm faktor bolup galýar.
Mundan başga-da, giň gerimli tokaý döretmek taslamalary ekoulgama dürli-dürli täsir edip biler. Ýerli däl ösümlik görnüşleriniň ornaşmagy ýa-da suw akymlarynyň üýtgemegi biodürlülige we topragyň saglygyna täsir edip biler diýen aladalar bar.
Şeýle başlangyçlaryň netijeliligi uzak möhletli has köp gözlegleri we gözegçiligi talap edýär. Alymlar “Ýaşyl guşagyň” çägeli tupanlardan näderejede goraýandygyny we çölleşmeginiň öňüni alýandygyny, şeýle hem sebitiň ekologiýasy üçin uzak möhletli netijelerini seljermegi dowam etdirýärler.
Taslama Hytaýyň ekologiki dikeldiş işleri babatda möhüm ösüşini görkezýär, şeýle hem çölleşmegi çözmek we tebigy deňagramlylygy saklamak üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär.