7-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplary hem-de gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri öňdeligi düzýän halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçy-talyp ýaşlar halkara bäsleşiklerinde jemi 1549 medal gazandylar.

Türkmen türgenleri 752 medala mynasyp boldular
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem-de 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryşy guramaçylykly geçirildi. Türgenlerimiz tarapyndan jemi 752 medal gazanyldy.