Ýurdumyzda her ýylyň mart-aprel aýlarynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen spartakiada geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guraýarlar.
Spartakiada köpçülikleýin sporty ösdürmek we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň saglygyny berkitmek hem-de sporta bolan söýgini has-da ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol, basketbol, ýüzmek, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş we küşt ýaryşlary guralýar.
Üstümizdäki ýylda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiada geçirilip, talyp ýaşlar sportuň dürli ugurlaryndan özara bäsleşýärler. Ýaryşyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.
Şeýle hem her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar hem işeňňir gatnaşýarlar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar, brifingler we ylmy-maslahatlar geçirilýär.
Ahmet EÝEBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.