ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “C” hem-de “D” toparçalarda soňky duşuşyklar geçirildi.

“Benfika” topary Şarlottada “Bawariýany” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Portugal klubuna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 13-nji minutda Andreas Şelderup öz adyna ýazdyrdy. “Benfika” topary özara 14-nji duşuşygynda “Bawariýany” ilkinji gezek ýeňmegi başardy. 2 toparyň mundan öňki özara 13 duşuşygynda “Bawariýa” 10 gezek ýeňiş gazanypdy.

“Oklend Siti” bilen “Boka Huniors” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Howa şertleri sebäpli arakesmesi ep-esli wagt dowam eden oýunda “Boka Huniorsyň” adyndan 26-njy minutda Natan Garrow öz derwezesinden, “Oklend Sitiniň” adyndan bolsa Kristian Greý geçirdi. Goragçy Greýiň asyl käri bedenterbiýe mugallymy bolup, ol işinden daşgary “Oklend Siti toparynda futbol oýnaýar.

Bu duşuşyklardan soň “Benfika” 7, “Bawariýa” 6, “Boka Huniors” 2, “Oklend Siti” 1 utuk bilen toparçadaky duşuşyklary tamamlap, ilkinji 2-si ýaryşy dowam eder.

“D” toparçada “Çelsi” topary Filadelfiýada “Esperans de Tunis” klubundan 3-0 hasabynda üstün çykdy. Londonlylar ilkinji 2 goly 1-nji ýarymyň ahyrynda, has takygy 45-nji minutdan soň, 3-nji goly bolsa 90-njy minutdan soň geçirdi. Ýagny 45+3-nji minutda Adarabioýo, 45+5-nji minutda täze transfer Liam Delap hem-de 90+7-nji minutda Taýrik Jorj tapawutlanmagy başardy.

Toparçada birinjiligi ozaldan belli bolan “Flamengo” ýer eýeleriniň 3 klubunyň biri bolan “Los Anjeles FK” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady.

“Flamengo” 7, “Çelsi” 6, “Esperans de Tunis” 3, “Los Anjeles FK” 1 utuk bilen toparçaladaky duşuşyklary tamamlady.