Ýer ýüzüniň tebigy şertlerine görä, dünýäniň dürli ýerlerinde dürli miwedir gök önümleri ýetişýär. Olaryň köpüsi bize tanyş bolsa, käbiri nätanyş. Täsin miweleriň biri hem kiwanodyr (latynça “Cucumis metulifer”). Bu miwä “tikenli gawun” ýa-da “Afrika hyýary” hem diýilýär. Kiwano kädiler maşgalasyna degişli bolan liana şekilli otjumak ösümlik. Afrika sebitinden gelip çykan bu ösümligiň baldagy 3 metre çenli ösýär. Kiwanonyň sary, mämişi we gyzyl reňkli miweleri bolup, daşynda ýumşajyk tikenleri bolýar. Miwesiniň gabygy iýmäge ýaramsyz. Etlek bölegi ýaşyl reňkli bolup, içindäki tohumlary açyk ýaşyl reňklidir. Kiwanonyň miwesiniň uzynlygy 15 santimetre töweregidir.
Kiwanonyň miwesiniň tagamy hyýara ýa-da banana meňzeýär. Süýri şekilli miwesiniň etiniň kaloriýasy pes bolansoň, berhizlik üçin peýdalanylýar. Miwäniň düzüminiň takmynan 90 %-i suwdan ybarat bolup, witaminlere, makro we mikroelementlere baýdyr. Kiwano Merkezi Amerika, Täze Zelandiýada we dünýäniň beýleki ýerlerinde giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Aziza FURKATŽANOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň ylmy işgäri