Wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin sport bilen meşgullanmaly. Sport dünýäsi köp ugurly we gyzykly oýunlara baý bolmak bilen bir hatarda, bedeniňi berkitmäge ýardam edýär. Bütindünýä sport ensiklopediýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde 8 müň töweregi sport görnüşi bar. Şeýle-de bolsa, sport görnüşleriniň 200-e golaýy halkara derejesinde ykrar edilip, hersiniň özüne mahsus tassyklanan düzgünleri bar. Soňky ýyllarda dünýäde iki ýa-da üç sport görnüşini garyp, täze bir görnüş ýasamak köçe oýunlarynyň däbine öwrüldi. Oýun düzgünleri has-da kynlaşdyrylan, gaýduwsyzlygy we çydamlylygy talap edýän bu sport görnüşleri adaty oýunlardan düýpgöter tapawutlanýar. Geliň, dünýädäki täsin sport görnüşleri bilen tanyş bolalyň!
Kwiddiç. Sportuň bu görnüşi iňlis ýazyjysy Joan Rowlingiň «Garri Potter» atly hyýaly eseri esasynda ekranlaşdyrylan filmler toplumyndan ylham alnyp döredilipdir. Filmiň «Garri Potter we filosofyň daşy» (1997) bölüminde sübsä münüp uçup bilýän Garri Potter ganatly topjagazy kowalaýar. Howpludygyna garamazdan, bu hyýaly oýun «Garri Potter» filminde täsirli ýagdaýda tomaşaçylara ýetirilýär. Filmden ylham alnan kwiddiç oýnunda iki topar özara güýç synanyşyp, her tarapdan 7 oýunçy meýdança çykýar. 3 sany kowalaýjy, 2 sany sübseli gaçyjy, derwezeçi we hasap yzarlaýjy oýunçylaryň düzümi bolup, her tarapda 3 sany halka şekilli derweze dikilýär. Oýnuň düzgünine görä, sübseli oýunçylar ýumurtga şekilli ullakan topy derwezä girizmeli. Derwezeçi we kowalaýjylar bolsa, garşydaş toparyň gol salmagyna päsgelçilik berýärler. Oýunda utuk yzarlaýjylar gollary bellige alýarlar we haýsy topar 150 utuk toplasa ýeňiş gazanýar. Hüjümçi oýunçylar Garri Potter ýaly uçup bilmeýändikleri sebäpli, sübsä münüp meýdançada ylgaýarlar.
Bossabol. Braziliýada dörän we Belgiýada düzgüne salnan bossabol toparlaýyn sport görnüşidir. Oýnuň bu görnüşi woleýbol, futbol we gimnastikanyň birleşmeginden emele gelipdir. Bossabol woleýbol tory çekilen, çişirilen ýumşak şarly kortda oýnalýar. Bossabol woleýbol ýaly başlanyp, oýunçylar çişirilen meýdançada tromplinde ýokary böküp, topy aýagy bilen tordan geçirýärler. Aýdym-sazly geçirilýän oýnuň bu görnüşi daşyndan göräýmäge şou çykyşyna meňzeýär. Häzirki wagtda bossabol dünýäniň köp ýurdunda meşhur köçe oýunlarynyň biri hasaplanýar.
Batga futboly. Finlýandiýada dörän batga futboly adaty futbolyň düzgünlerine görä oýnalýar. Ýöne oýun otly meýdançada däl-de, palçykly meýdançada geçýär. Batga futbolynda oýunçylar topy depmekde we ylgamakda kynçylyk çekýändiklerine garamazdan, oýun dartgynly ýagdaýda geçýär. Fiziki çydamlylygy ýokarlandyrýan batga futboly gyzykly sport görnüşi hasaplanýar.
Regbol. Basketbol, göreş we regbi oýunlarynyň utgaşmagyndan dörän sportuň bu görnüşinde oýunçylar halkadan top geçirmek üçin güýç synanyşýarlar. Oýnuň dowamynda gyzyl topy ýere urup, ylgap barýan oýunçylaryň özara göreş pursatlaryny hem synlap bolýar. Regbolda hem edil regbi ýaly oýunçylar gol geçirtmezlik üçin biri-birini göreş tutup saklaýarlar. Bu oýun beden taýdan güýçli we çydamly türgenleriň arasynda geçirilýär.
Suwasty hokkeý. Suwuň astynda oýnalýan sportuň bu görnüşi adaty hokkeýiň haýran galdyryjy nusgasy hasaplanýar. Çäkli sport görnüşi bolan suwasty hokkeýinde iki topar howzuň düýbünde ýaryşýar. Oýunçylar garşydaş toparyň derwezesinden şaýba geçirmek üçin aşak çümýärler we egrije demir bilen topy howzuň düýbünden itekläp gidýärler. Oýunçylaryň suwuň aşagynda skuba enjamy bilen demini sazlap bilmegi oýnuň esasy kynçylykly tarapy hasaplanýar. Bu oýun 1954-nji ýylda Angliýada oýlanyp tapylýar. Sportuň bu görnüşi köp ýurtda meşhur bolup, suwasty hokkeýi boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1980-nji ýylda Kanadada geçirilýär.
Hobin (atly päsgelçilik). Ýewropada irki ýyllarda dörän bu güýmenje Finlýandiýada iň köp oýnalýan oýunlaryň biri hasaplanýar. Çagalar kellesine agaç berkidilip ýasalan mahmaldan tikilen jylawly aty çapýan ýaly edip, ikibaka ylgadýarlar. Dürli päsgelçiliklerden geçip, kim pellehana çalt barsa şol hem oýnuň ýeňijisi bolýar. Hobin gyzlaryň we çagalaryň arasynda iň köp oýnalýan oýun hasaplanýar. Oýna gatnaşýanlar «münüp barýan» atlaryna tohum atlaryň adyny dakyp, gyzykly we döredijilikli wagt geçirýärler.
Peýnir kowalamak. Angliýanyň Glýuester şäheriniň golaýyndaky Kuper depesinde bank işgärleriniň dynç alşyna bagyşlanyp her ýyl peýnir kowalamak çäresi geçirilýär. Oýna gatnaşyjylar tegelek peýniri tutmak üçin 180 metr uzynlykdaky büdür-südür otly depeden aşaklygyna ylgaýarlar. Peýniri kim saklasa, şol hem ýeňiş gazanýar. Häzirki wagtda gyzykly we gülküli wakalara baý peýnir kowalamak ýaryşyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenler gatnaşýarlar.