Ge­çen ýyl Ýew­ro­pa pa­tent ofi­si­ne (EPO) tab­şy­ry­lan ýüz­tut­ma­lar ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. EPO 2024-nji ýyl­da bü­tin dün­ýä­den je­mi 199 müň 264 pa­tent üçin ýüz­tut­ma ka­bul eden­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Bu gör­ke­zi­ji­niň 2023-nji ýyl­da­ky bi­len deň­di­gi ha­bar be­ril­di. Iň köp ýüz tu­tan ýurt­la­ryň ara­syn­da de­giş­li­lik­de, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp­dir. Ame­ri­ka­ly oý­lap ta­py­jy­lar 47 müň 787 pa­tent tab­şy­ryp­dyr­lar. Bu bol­sa äh­li pa­tent­le­riň 24 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ikin­ji orun­da­ky Ger­ma­ni­ýa­dan 25 müň­den gow­rak (12,65%) ýüz­tut­ma ka­bul edi­lip­dir. Hy­taý il­kin­ji ge­zek tä­ze açyş­lar üçin ýüz tu­tan ýurt­la­ryň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ra gi­rip­dir.
Ýy­lyň do­wa­myn­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li 16 müň 815 ýüz­tut­ma ber­lip­dir. Şeý­le­lik­de, bu ug­ruň iň köp açyş edil­ýän iş­jeň ugur bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Elekt­rik­li en­jam­lar we ma­şyn­lar, san­ly ara­gat­na­şyk, luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­sy we ulag ul­ga­my iň köp açyş edi­len ugur­lar bo­lup­dyr.

Gun­ça KI­ÇI­ÝE­WA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.