Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi. 9-njy dekabrda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artýar.
Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilata durmuş hyzmatlaryny hödürlemek, täze iş orunlaryny döretmek işine uly goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan dürli maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň mysalydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleriniň, dokma hem-de mineral önümleriň, durmuş himiýasy harytlarynyň, mebelleriň örän köpdürli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhanalar yzygiderli açylýar.
Daşary ýurtly öndürijileriň häzirki zaman enjamlary hem-de innowasiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze toplum çykarylýan önümiň ýokary hilini üpjün eder. Geljekde şol önümleriň görnüşleri ep-esli artdyrylar. Demir gurnamalaryň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer, desgalaryň düzüm bölekleriniň mäkämligini we ygtybarlylygyny üpjün eder, şeýle hem olaryň ulanyş möhletini artdyrar.
Golaýda Amyderýa jülgesinde ýokary hilli keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhana hem ulanylmaga berildi. Döwrebap toplumy Halaç etrabyndaky ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary gurdular. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň täze kärhanasynyň önümçilik bölümleri bir ýarym gektar meýdany eýeleýär. Zawodyň çägi bolsa 28 gektara ýaýylyp gidýär. Täze kärhana kuwwatlylygy hem-de ýokary tehnologiýalylygy babatda keramiki önümleriň dünýä ölçeglerine kybap gelýän görnüşlerini çykarmak babatda Merkezi Aziýa sebitinde iň irileriniň biri bolar. Onuň önümleri içerki we daşarky bazarlara niýetlenendir.
Geçirilen geologiýa-barlag işleri Saýat we Köýtendag etraplarynyň çäklerinde ýokary hilli toýun palçygynyň iri ýatagynyň ýerleşendigini görkezdi.
Bu toýun palçygy berk, owadan, ajaýyp hilli keramiki önüm bolan bezeg kerpiçlerini, plitkalary we beýlekileri öndürmäge ýaramlydyr.
Kärhananyň taslama kuwwaty bir ýylda 192,5 müň tonna önüm ýa-da önümleriň 80 million birligini çykarmaga niýetlenendir. Ähli önümçilik amallary doly awtomatlaşdyryldy.
Bu ýerde ýokary öndürijilikli owradyjy enjamlar hem-de täze degirmenler oturdylyp, çig malyň iň ownuk üwelen görnüşini çykarmaga niýetlenendir. Bu bolsa önümleriň berkligini, çeýeligini, hilini üpjün edýär. Şeýle hem zawodda önümçiligiň tehnologiýa yzygiderliligi, peçler, galyplaýjy we guradyjy enjamlar, degişli robotlar, ekskawatorlar we beýleki tehnikalar bar.
Ähli tehnologiki işleri dolandyrmak hem-de olara gözegçilik etmek döwrebap kompýuter ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Barlaghana önümçiligiň ähli tapgyrlarynda çykarylýan önümleriň hilini seljerer.
Ýokary öndürijilikli enjamlar we tehnikalar Ýaponiýanyň, Italiýanyň hem-de Ispaniýanyň dünýäde meşhur öndürijilerinden alyndy.
Täze senagat toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, Diýarymyzda soňky onýyllygyň içinde telekeçiligiň, orta we kiçi işewürligiň ösüş depginine we hil derejesine eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna ýardam edýändigini nygtadylar.
Döwletmyrat Orazmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.