Hindistanly zenan Renu Dhariýal 11 ýyllap saçyny ösdürip, onuň uzynlygyny 2,69 metre ýetirdi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bu görkeziji bilen öňki rekordçy Aliýa Nasyrowanyň (2,57 metr) rekordyny täzeledi. Dhariýal saçyna ideg etmek üçin hiç hili himiki serişde ulanmaýandygyny, diňe tebigy ýaglardan peýdalanýandygyny belläp, bu baradaky usullaryny özüniň “YouTube” kanaly arkaly köpçülige ýetirýändigini habar berýär.
PDF








