“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzda giňden toýlanjak “Watan goragçylarynyň gününiň” öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Gullugymyzyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabarada çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagalla edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň myhmanlary edara binasynyň içine aýlanyp, döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Bu täze edara binasynda harby gullukçylaryň sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanyp, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegi üçin häzirkizaman tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilendigi aýratyn bellärliklidir.
Çeşme: migration.gov.tm