3-nji awgustda Italiýanyň Genuýa şäherinde Morandi köprüsiniň ýerinde gurlan täze San-Jorjio köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella, Premýer-ministr Juzeppe Konte, Genuýanyň häkimi Marko Buççi, Liguriýanyň gubernatory Jowanni Toti, täze binanyň gurluşygyna gözegçilik eden binagär Renso Piano we beýleki köp sanly syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar. Premýer-ministriň we ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň çykyşyndan soň, «Frecce Tricolori» aerobatika topary köpriniň üstünden uçup, asmany Italiýanyň baýdagynyň reňklerine – ýaşyl, ak we gyzyl reňklere boýadylar.
Täze köprüden ilkinji bolup Italiýanyň Prezidenti geçdi. Köprüden ulaglaryň geçmesi 4-nji awgustda başlandy. Uzynlygy 1,067 metr bolan 19 sütünli köpriniň gurluşygy gysga wagtyň içinde tamamlandy.