3-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan 2022-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy. Şeý­le hem mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mä­ge, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler gi­ri­zil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çe­ken res­mi­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, pol­kow­nik Gur­ban­my­rat An­na­ýew baş­ga işe geç­me­gi se­bäp­li, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň gol çe­ken res­mi­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, pol­kow­nik Na­zar Ata­ga­ra­ýew mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­le­ni­lip, ol Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.