BRIKS halkara guramasynyň Täze ösüş bankynyň başlygy Dilma Russeff guramanyň dolandyryjylar geňeşiniň özüni täze möhlete biragyzdan saýlandyklaryny habar berdi. Bu barada Braziliýanyň «O Globo» gazeti habar berdi. Russeff wezipesini ýene-de bäş ýyl dowam etdirer. Ol 2023-nji ýylyň martynda işe başlady we häzirki möhleti 2025-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanýar.
Russeff BRICS ýurtlarynyň maýa goýumlaryna we maýa goýum platformalaryna has köp üns berjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, iýul aýynda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek BRICS sammitinde birleşigiň agzalary maliýe meselelerine aýratyn ünsi jemlär. Dilma Russeff 2011-2016-njy ýyllarda Braziliýanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiripdi.
BRIKS-iň düzümine Braziliýa, Russiýa, Hindistan, HHR, Günorta Afrika, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Müsür we Efiopiýa girýär. Guramanyň ady iňlis dilinde BRICS (Brazil, Russia, India, China, South Africa) bolup, onuň ilkibaşdaky bäş agzasynyň adyny aňladýar.
Birleşigiň ilkinji sammiti 2009-njy ýylda geçirildi. Duşuşyklarda BRICS agzalary ykdysady we geosyýasy meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar we özara peýdaly taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. BRICS-iň soňky sammiti geçen ýylyň oktýabr aýynda Kazanda geçirildi. Bu sammite guramanyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda goşulan täze bäş agzasy gatnaşdy.