Saud Arabystanynyň häkimiýetleri ýurduň paýtagty Er-Riýadyň demirgazygynda guruljak täze sebitiň baş meýilnamasyny hödürledi. Paýtagtyň bu sebiti hakykatda talabalaýyk şähere öwrüler we beýikligi iki kilometrden gowrak bolan dünýäniň iň beýik binasy onuň iň esasy desgasy bolar. Şeýle-de, bu sebitde ýaşaýyş jaýlary, söwda we syýahatçylyk merkezleri, lukmançylyk we bilim edaralary, şeýle hem güýmenje toplumlary bolar.
Täze “geljegiň şäheri” üçin baş meýilnamany “Skidmore, Owings we Merrill” (SOM) amerikan binagärlik kompaniýasy işläp düzdi. Bu kompaniýa 1936-njy ýylda Çikagoda binagärler Luis Skidmor we Nataniel Ouings tarapyndan esaslandyrylýar. SOM häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy bolan Dubaýdaky “Burj-Halifanyň”, şeýle hem Çikagodaky Willis-Toweriň we Nýu-Ýorkdaky “One” Bütindünýä söwda merkeziniň taslamalaryny işläp düzdi. Häzirki wagtda çenli bu kompaniýa dünýäniň 50 ýurdunda, çen bilen, 10 müňden gowrak taslamany amala aşyrdy we 800 töweregi baýrak aldy, şol sanda iki gezek “Ýylyň binagärlik kompaniýasy” adyna eýe boldy.