Hytaýyň häkimiýetleri emeli aň (AI) maksatnamalaryny ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde bilim işlerine, okuw kitaplaryna we mekdep okuw meýilnamalaryna girizýärler. Başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna gönükdirlen bu ädim, dünýäde ikinji orunda durýan ykdysadyýetiň innowasiýa itergi bermäge we täze ösüş çeşmelerini tapmaga tagalla edýän döwrüne gabat geldi.
Bilim ministrligi emeli aňy ösdürilmeginiň “mugallymlaryň we okuwçylaryň esasy ukyplaryny ösdürmäge” we “innowasiýa zehinleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny” ösdürmäge kömek etjekdigini aýtdy. Ministrligiň beýanatynda okuwçylar üçin şunuň ýaly esasy ukyplaryň özbaşdak pikirlenmekden we meseläni çözmekden aragatnaşyk we hyzmatdaşlyga çenli üýtgäp durýandygyny aýtdy. Emeli aňyň ulanylmagy has innowasion we çylşyrymly synplaryň döremegine sebäp bolýar.
Bu çäreler Hytaý uniwersitetleriniň emeli aň boýunça sapakalry ýola goýmagyu we talyplaryň sanyny artdyrmagy bilen has-da giňeldilýär. Çünki “DeepSeek” startapy ýanwar aýynda bäsdeşlige ukyply iri dil modelini ýola goýup, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Ýylyň başynda Hytaý bu maksada ýetmek üçin innowasiýalaryň netijeliligini ulanmaga gönükdirilen 2035-nji ýyla çenli “güýçli bilim döwletini” gurmak boýunça ilkinji milli hereket meýilnamasyny hem yglan etdi.