Kaşaň sport awtoulaglaryny öndürýän «Ferrari» kompaniýasy täze «Ikona» atly ulagyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. 2,5 million dollarlyk bahasy bolan bu ulagy noýabr aýynda tanyşdyrmak maksat edinilýär.
Bu ulag kaşaň we gymmat bahaly ulaglaryň kolleksiýasyny amala aşyrýanlar üçin öndürmek göz öňünde tutulýar. «Ikona» kysymly ulag 1967-nji ýylda geçirilen ýaryşda ikinji orny eýelän «Ferrari 330 P4» awtoulagyna meňzedilip öndüriler.
Bu ulagyň 830 at güýjüne eýe bolup, onuň ýokary tizlige ýetmegi üçin ähli döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Rejepguly SARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.