7-nji martda paýtagtymyzda do­kuz gat­ly, 108 öý­li döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bag­ty­ýar maş­ga­la­lar Pa­ra­hat-7 ýa­şa­ýyş jaý top­lu­myn­da gur­lup ulan­ma­ga taý­ýar edi­len tä­ze ýa­şa­ýyş ja­ýy­na gö­çüp gel­di­ler.
Tä­ze ja­ýyň öňün­dä­ki dür­li şar­lar, kö­pö­wüş­gin­li çy­kyş­lar bi­len be­ze­len meý­dan­ça paý­tag­ty­my­zyň we şä­he­riň et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler, ýaş­lar we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň köp­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry, myh­man­la­ry hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar.
Paý­tag­ty­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry öz­le­ri­niň joş­gun­ly aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len tä­ze jaý­la­ra gö­çüp gel­ýän maş­ga­la­la­ryň şat­lyk-şow­hun­la­ry­ny be­len­de gö­ter­di­ler.
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ta­pa­wut­la­nyp zäh­met çe­ken gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Da­ba­ra­nyň esa­sy pur­sa­ty ge­lip ýe­ten­de, tä­ze ja­ýyň öý eýe­le­ri­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da açar­lar gow­şu­ryl­dy. Tä­ze öýüň açar­la­ry­na eýe bo­lan­la­ryň ara­syn­da se­kiz ça­ga­ly bag­ty­ýar maş­ga­la­lar hem bar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­re­bap jaý­dan öý alan 8 ça­ga­ly bag­ty­ýar maş­ga­la­la­ryň öý­le­ri­niň bo­sa­ga­syn­dan ät­läp, onuň otag­la­ry­na aý­lan­mak bi­len bu ýer­de dö­re­di­len amat­ly şert­ler bi­len ta­nyş­dy­lar.