2025-nji ýylyň ilkinji pursatlarynda Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýurdumyz boýunça ilkinji çaga dünýä indi. Arkadag şäherinde ýaşaýan Atageldiýewleriň maşgalasy üçin täze ýyl turuwbaşdan düşümli, döwletli geldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä inen oglanjyga täze ýylyň şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular.

Uly ruhubelentlik, ajaýyp arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň ikinji ogul perzende gözi düşdi. Bu — döwletlilikden nyşan. «Döwletliden döwlet ýokar» diýlenine eýerip, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan watandaşlarymyz täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn bolmagy, il-güne gerekli gerçek goç ýigit bolup ýetişmegi baradaky ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi. Şeýle ajaýyp, guwandyryjy pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Atageldiýewleriň maşgalasyna iberen sowgatlary gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Parahatjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl hem ýurdumyzda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä inipdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýat bolan täze şäherde täze durmuşyň gülleýändiginiň ajaýyp alamatydyr.