Bütin dünýäde täze ýyl uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. Adatça, Täze ýyly dünýäniň köp bölegi 31-nji dekabrda garşy alýar. Emma dünýäniň käbir ýerlerinde tapawutly senenama ulanylýandygy sebäpli bu baýramçylyk 7-10 günden soň bellenilýär. Halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň artmagy bilen geçen asyryň başlarynda bütin dünýäde ýulian senenamasyndan grigorýan senenamasyna geçildi. Bu ýagdaý ähli ýurtlarda birmeňzeş hasaby ýöretmäge mümkinçilik berýär. Netijede, häzirki wagtda bütin dünýäde bu senenama ulanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýäniň käbir ýerlerinde gadymy däbe görä, ozalky senenamany ulanýanlar hem bar. Şolaryň biri hem Beýik Britaniýa degişli bolan Fula adasy hasaplanýar.
Şotlandiýanyň Şetland arhipelagynyň düzümindäki bu ada Beýik Britaniýanyň iň uzakdaky ilatly nokady hasaplanýar. Şotlandiýanyň gury ýer böleginden 200 kilometrden hem daşda ýerleşýän bu adanyň ýaşaýjylary täze ýyla ýanwaryň 12-sinden 13-ine geçilýän gije gadam basýarlar. Sebäbi adanyň ýaşaýjylary bu baýramçylygy ýulian senenamasyna görä belleýärler. Beýik Britaniýada ýulian senenamasyndan grigorýan senenamasyna has ir – 1752-nji ýylda geçilýär. Şeýle-de bolsa, adanyň ýaşaýjylary ozalky senenamany ulanmagyny dowam etdiripdirler.
Şetland arhipelagyna degişli bolan Fula adasynyň ýaşaýjylary Täze ýyly ristit (duza ýatyrylan goýun eti) we tattie çorbasy ýaly milli tagamlary bilen garşy alýarlar. Adanyň bary-ýogy 35 ýaşaýjysy bolup, baýramçylygy köpçülik bolup belleýärler. Tutýan meýdany 13 inedördül kilometre barabar bolan adada dükan, kafe, Wi-Fi we hemişelik elektrik togy ýok. Beýik Britaniýanyň çet adasyna myhmanlar häli-şindi gaýykly ýa-da uçarly baryp gaýdýarlar. Bu ýerde deňiz tebigatyny synlap, asuda dynç alyp bolýar. Uzyn guýrukly ýerli goýunlary we poni atlary bilen meşhur bolan adada deňiz jandarlarynyň hem ýüzlerçesi duş gelýär. Bu ýerdäki deňiz gaýasy adanyň nyşany hasaplanýar. Syýahatçylaryň aglaba bölegi Fula adasyna mart aýynda gezelenç edýärler.
Ýer ýüzündäki sagat guşaklygynyň tapawudy sebäpli, Täze ýyly ilkinji bolup Halkara sene çyzygynyň günbataryndaky ülkeler garşy alýar. Olaryň arasynda Ýuwaş ummanyndaky Kiribati Respublikasyna degişli Kiritimati adasy (Roždestwo adasy) bar. Soňra bolsa, Garaşsyz Samoa döwletine we Tonga Patyşalygyna degişli adalar Täze ýyly garşylaýarlar. Täze ýyly iň soňky bolup, ýokarda bellenen adalaryň golaýyndaky Amerikan Samoasy we Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalaryň ýaşaýjylary belleýärler.
PDF









