Tbiliside Beýik Britaniýanyň “Zaha Hadid” binagärlik býurosynyň taslamasy esasynda “Cityzen Tower” gökdirän gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Onuň dizaýny Tbilisi şäheriniň baýyrly tebigatyndan ylham alýar. 42 gatly bina Saburtalo etrabynda gurlar. Onuň açylyş dabarasy 2028-nji ýylda meýilleşdirilýär.
Binanyň esasy aýratynlygy burum-burum görnüşde aýlanyp gidýän giň basgançakly terrasalarydyr. Terrasalar bina bir gapdalyndan söýeg bolup duran ýaly görünýär. Binahärlik edarasynda bellemeklerine görä, olaryň ýerleşişi Günüň hereketini we ýeliň ugruny göz öňünde tutýar. Toplumyň umumy meýdany 57 müň m² bolar. Aşaky gatlarda terrasalara çykylýan ofisler, dükanlar we garbanyşhanalar ýerleşer. Ýokarky gatlarda şähere we golaýdaky seýilgähe tarap açylýan balkonly ýaşaýyş jaýlary bolar.
Binanyň gurluşygynda gaýtadan işlenen materiallary we ýerli gurluşyk materiallaryny ulanmak meýilleşdirilýär. Gökdirände ýagyş suwlaryny ýygnamak üçin ätiýaçlyk howdany bolar, terrasalarda bolsa köp suwarmagy talap etmeýän ýerli ösümlikler ekiler.