Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni pe­selt­mek mak­sa­dy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy baý­lyk­lar­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, zy­ňyn­dy gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak ýa­ly iş­ler döw­let de­re­je­sin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Du­baý­da ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP28) döw­le­ti­miz Glo­bal me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny res­mi taý­dan yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de, ata Wa­ta­ny­myz­da 2030-njy ýyl­da ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň de­re­je­si­ni azalt­mak me­ýil­leş­di­ril­di. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da eme­le gel­ýän ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň, esa­san hem, me­tan zy­ňyn­dy gaz­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li azalt­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ka­ra­ry esa­syn­da Me­tan zy­ňyn­dy gaz­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň pu­da­ga­ra to­pa­ry hem dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­tan bu ugur­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar, şol san­da BMG, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra Hyz­mat­daş­lyk Jem­gy­ýe­ti, ABŞ-nyň Hal­ka­ra Ösüş Agent­li­gi (USAID) bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ýar.
Ýa­şa­ýan ýe­rin­dä­ki daş­ky gur­şa­wyň aras­sa­ly­gy, dur­muş şert­le­ri­niň ýag­da­ýy yn­san sag­ly­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak­da, ony has-da baý­laş­dyr­mak­da tu­tum­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Te­bi­ga­ty go­ra­mak we daş­ky gur­şa­wyň aras­sa bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­lar, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Gö­zel Di­ýa­ry­myz ba­gy-bos­san­ly­gy bi­len aky­ly­ňy haý­ra­na goý­ýar. Ýur­du­myz­da her ýy­lyň ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ri­lip, na­hal­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin otur­dyl­ma­gy­nyň ba­gy-bos­san­ly­gy dö­ret­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Soň­ky san­ly­ja ýy­lyň için­de ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň daş-tö­we­re­gin­de, şeý­le-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de mil­li­on­lar­ça düýp agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, otur­dy­lan pür­li, sa­ýa­ly, mi­we­li agaç­la­ryň na­hal­la­ry bu gün bar­ha boý alyp, öz­bo­luş­ly gö­zel­lik eme­le ge­tir­ýär. Adam eli bi­len dö­re­dil­ýän şeý­le gö­zel­lik­ler ýa­şaý­şyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge hem ýar­dam ed­ýär.
Şu şan­ly ýy­ly­myz­da hem hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaz­ky we güýz­ki bag ek­mek möw­süm­le­ri­ne da­ba­ra­ly ba­dal­ga be­ril­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň güý­zün­de ge­çen äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň bar­şyn­da Gök­de­pe et­ra­by­nyň tä­ze Kö­pet­da­gyň ýal­ky­my oba­syn­da dür­li nahallaryň ýüz­ler­çe­si otur­dyl­dy. Oba­nyň gö­zel­li­gi­ni art­dy­ran şol agaçlara yzy­gi­der­li ideg edil­ýär. Ne­sip bol­sa, san­ly­ja ýyl­dan şol agaçlar sa­ýa sa­lar. Oba ila­ty onuň hö­zi­ri­ni gö­rer. Şeý­le gö­zel­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne et­ra­byň ýaş­la­ry­nyň hem sal­dam­ly go­şant­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­mek ge­rek.
Ata Wa­ta­ny­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öw­ren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir.

Mäh­ri­je­mal ATA­BAL­LY­ÝE­WA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.