Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) maglumatyna görä, geçen ýyl tebigy gaza bolan isleg ýokarlandy. 2024-nji ýylda dünýäde gaza bolan isleg ähli döwürleriň iň ýokary derejesine ýetipdir. Ösüşiň dörtden üçünden gowragy ösüp barýan ykdysadyýetlere degişli bolupdyr. Degişli döwürde gaza bolan isleg 2,7 göterim ýokarlanyp, 4,4 trillion kubmetre ýetipdir. 2010-2019-njy ýyllarda aralygynda gaza bolan isleg ortaça 2 göterim ýokarlanypdyr. Ösüşde Aziýadaky ýurtlaryndaky ykdysady ösüşiň täsirli bolandygy bellenildi. Tebigy gazyň artan bölegi, esasan, elektrik energiýasyny öndürmek hem-de senagatda ulanmak üçin peýdalanylypdyr. Ýewropada bolsa gaza bolan isleg ozalky ýyllardakydan pes bolupdyr.
Geçen ýyl elektrik önümçiliginde tebigy gaza bolan isleg Demirgazyk Amerikada we Ýewraziýada ýokary bolan bolsa, Ýewropada az bolupdyr.
Hytaýda, Hindistanda we ABŞ-da howanyň yssy bolmagy elektrik energiýasyna bolan islegi artdyrypdyr. Diňe yssy howa tebigy gaza bolan artan islegiň bäşden birini emele getiripdir.
Hytaýda tebigy gazyň sarp edilişi 7 göterim, Hindistanda 10 göterim artypdyr. Bu görkeziji Demirgazyk Amerikada 1,8 göterim ýokarlandy. Braziliýa we Kolumbiýa ýaly käbir ýurtlarda bolsa ýagynyň az ýagmagy elektrik energiýasyny öndürmek üçin tebigy gazyň has köp sarp edilmegine getirdipdir.

Bagtygül Rahimowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetinyň mugallymy,
Muhammetberdi Amanbaýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetinyň talyby.