Bü­tin­dün­ýä Yk­dy­sa­dy Fo­ru­my «Hünär­le­riň gel­je­gi 2025» at­ly mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­mat­da teh­no­lo­gik ösüş­le­riň, de­mog­ra­fik üýt­geş­me­le­riň we geoyk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Ag­zal­ýan üýt­ge­şik­lik­ler on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li 170 mil­li­on tä­ze iş or­nu­ny eme­le ge­ti­rer. Em­ma bu üýt­geş­me­le­r hä­zir­ki bar bo­lan 92 mil­li­on iş or­nu­nyň ýok bol­ma­gy­na ge­ti­rer. Şeý­le­lik­de, 2030-njy ýy­la çen­li 78 mil­li­on tä­ze iş or­ny peý­da bo­lar. Tä­ze iş orun­la­ry­nyň bir bö­le­gi teh­no­lo­gi­ýa, mag­lu­mat we eme­li aň bi­len bag­ly bo­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, el­tip ber­mek, okuw we oba ho­ja­ly­gy ýa­ly ugur­lar­da iş orun­la­ry eme­le ge­ler.
Mag­lu­mat­da iň köp ze­rur­lyk du­ýul­jak hünär­le­riň ara­syn­da oba ho­ja­lyk iş­gä­ri, ýe­ňil ýük ula­gynyň sü­rü­ji­si, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi hü­när­me­ni, gur­lu­şyk us­sa­sy, sa­ty­jy­, şe­pa­gat uýa­sy ýa­ly dür­li pu­dak­la­ra de­giş­li hünär­ler bar. Kas­sir, aras­sa­çy­lyk iş­gä­ri, çap­ha­na iş­gä­ri, hasapçy ýa­ly hünär­le­re bol­sa ze­rur­ly­gyň azal­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Ýu­sup PÜR­LI­ÝEW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.