Tejen şäherinde ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, şäheriň awtomenzili düýpli döwrebaplaşdyryldy. Binanyň durky bütinleý täzelenip, onda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ähli oňaýly şertler döredildi. Bu desganyň täzeden gurlup ulanmaga berilmegi şäheriň ulag düzüminiň ösmegine uly goşant goşdy.
Häzirki wagtda täze awtomenzilden jemi 17 sany ugur boýunça yzygiderli awtobus gatnawy amala aşyrylýar. Gatnawlar diňe bir Tejen şäheriniň içine däl, eýsem golaýdaky geňeşlikleri we beýleki etraplary hem öz içine alýar. Hususan-da, Garaşsyzlyk, Täze oba, Birleşik, Agalaň, Ak-Altyn, B.Kerbabaýew, Garrygala, Göni Amaşa, Döwletli we Gurbandurdy geňeşliklerine, şeýle hem Bagtyýarlyk, Bitaraplyk we Gaňňaly şäherçelerine awtobuslar gatnap başlady.
Mundan başga-da, awtomenzilden Babadaýhan etrabyna, Altyn-Asyr we Sarahs şäherlerine çenli uzak aralyklara hem gatnawlar ýola goýuldy.
Çeşme: awtoulag.gov.tm
PDF









