Soňky ýyllarda öýjükli telefonlar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Aragatnaşyk, täzelikler bilen tanyşmak we güýmenje üçin ulanylýan bu enjamlar amatly şert döredýändigine garamazdan, zyýanly täsirini hem ýetirýär. Alymlar tarapyndan smartfonyň adam beýnisine ýetirýän täsiri barada uzak ýyllaryň dowamynda barlaglar geçirildi. Barlaglaryň netijesinde uzak wagtlap telefon ulanmagyň beýnä oňaýsyz täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Telefon ulanylyşynyň köpelmegi, esasan hem, smartfonlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi saglyk üçin zyýanly hasaplanýar. Eýsem, telefony uzak wagtlap ulanmak adam psihologiýasyna nähili täsir edýär?
Telefondan yzarlanýan täzelikler we bildirişler beýnini artykmaç höweslendirýär. Bu bolsa beýnide telefona bolan ymtylyşy döredýär. Elektron poçta habarlary, internet täzelikleri we sosial mediadaky mahabatlar adamlarda «habarsyz galmak gorkusyny» döretmegi mümkin. Şol sebäpli köp adam her gün ýa-da her sagat telefonyndaky platformalary yzarlap durýar. Bu ýagdaý adamlaryň işine we çagalaryň okuwyna ýaramaz täsir edýär.
Sosial media adamlaryň öz durmuşyny ýa-da ýagdaýyny beýlekiler bilen yzygiderli deňeşdirmegine sebäp bolýar. Bu bolsa adamlarda özüne bolan ynamy gowşadyp, durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýär. Esasanam, ýetginjeklerde bu deňeşdirmeleriň netijesinde göwnüçökgünlik alamatlary ýüze çykyp, ýalňyş pikirler döreýär.
Telefonyň ekranyndan bölünip çykýan mawy yşyk melatonin gormonynyň bölünip çykmagynyň öňüni alyp, uky bozulmalaryna sebäp bolýar. Ukynyň peselmegi ýa-da ukusyzlyk alamatlary nerw ulgamyna täsir edip, adamlaryň özüni alyp barşynda gaharjaňlyk we aladaçyllyk ýaly ýagdaýlary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, uzak wagtlap telefona güýmenýän adamlaryň beýnisinde ýadawlyk döreýär.
Smartfonlar her gün diýen ýaly täzelenýän platformalary we owadan dizaýnlary bilen ünsi özüne çekýär. Telefona güýmenýän adam wagtyň nädip geçenini hem bilmän galýar. Bu ýagdaý adamyň duýgularyna täsir edip, özüni günäkärlemegine sebäp bolýar.
Telefonyň täsirini azaltmagyň usullary:
Alada we dartgynly ýagdaý döredýändigi sebäpli, hepdäniň belli günlerinde ýa-da günüň belli bir wagtynda telefon ulanmagy çäklendirmeli.
Telefona bildiriş hökmünde gelýän gereksiz habarnamalary öçürip, ünsi sowmagyna ýol bermeli däl. Diňe möhüm programmalardaky habarnamalary açyp goýmaly.
Uklamazdan bir sagat çemesi öň telefon ulanmagy bes etmeli. Kadaly uklamak üçin oňarsaň, telefony ýatylýan otagda goýmaly däl.
Media täzeliklerine berýän wagtyňy kesgitlemäge çalyşmaly we bellän wagtyňdan geçmeli däl. Bu adamyň telefona bolan garaşlylygyny azaldýar.
Telefona sarp edilýän wagty fiziki işjeňlik we jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen çalyşmaly. Telefona güýmenmezden, gün tertibine eýermeli. Sport, maşk etmek bilen meşgullanyp, ýakynlaryň we dostlaryň bilen oturmaga wagt aýyrmaly.