“Tesla Golliwudda taryhda ilkinji gezek restoranly, awtokinoteatrly we elektroulaglar üçin zarýad beketli güýmenje merkezini açdy. Iki gatly bina “retro-futuristik” äheňinde bina edilipdir. Birinji derejede aşhana, ýapyk naharhana maýdançasy bar. Ýapyk jaýlaryň umumy meýdany, takmynan, 353 inedördül metr, daşyndaky meýdany bolsa, 511 inedördül metr.
Täze desganyň aýratynlyklaryndan biri iýmiti ulagda oturan ýeriňde sargyt edip bolýar. “Tesla” sürüjileri üçin multimediýa ulgamynyň ekrany 45 metrlik iki LED ekranda görkeziljek filmler bilen sinhronlaşdyrylýar. Binada 32 sany “Tesla Supercharger V4” zarýad beriş stansiýasy bar, ýöne geljekde olaryň sany 75-e çenli artyp biler. 2023-nji ýylyň güýzünde başlanan gurluşyk işleri 2025-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanyp, Ilon Maskyň özi restorana baryp gördi we merkeziň işini makullady.