Amerikanyň öňdebaryjy elektroulag öndürijisi “Tesla” 10-njy aprelde Saud Arabystanynda resmi taýdan satuwa başlamaga taýynlyk görýär. “Ilkinji diler merkeziniň dabaraly açylyş çäresi Er-Riýad şäherindäki “Bujairi Terrace” meýdançasynda geçiriler” diýip, kompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.
Bu ýere gelen myhmanlara elektroulaglar, öýde zarýad beriş tehnologiýalary, awtonom dolandyryş ulgamy we Gün energiýasy bilen baglanyşykly tehnologiýalar görkeziler. Şeýle-de kompaniýa “Optimus” atly adampisint roboty we sürüjisiz elektroulagy “Cybercab”-y hödürlär. Myhmanlar “Tesla”-nyň hünärmenleri bilen duşuşyp, ulaglary ýurtda nädip satyn alyp bolýandygyny we ulanmalydygyny öwrenip bilerler.
“Tesla”-nyň Saud Arabystany bazaryna girmegi ýerli ilat tarapyndan makullandy. Köpler şeýle brendiň ýurda gelmegine uzak wagtdan bäri garaşýardy. “Tesla”-nyň elektroulaglary köpden bäri Ýakyn Gündogaryň käbir ýurtlarynda satylýar, emma ol häzire çenli Saud Arabystanynda resmi ýagdaýda elýeterli däldi.
Sebitde elektroulaglaryň umumy hasaba alnyşy artan hem bolsa, “Tesla”-nyň satuwy we bazardaky paýy şu ýyl pese gaçdy. Ýewropanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri, Maskyň brendiniň Ýewropadaky satuwy 42,6% pese düşdi. Saud Arabystanynda ýylda 700 müň täze awtoulag satylýar.