Hytaýyň “BYD Co.” kompaniýasy geçen ýyl awtoulag satuwyny 40 göterim artdyryp, 107 milliard dollara ýetiripdir. Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan brendiň girdejisi 26, arassa peýdasy 34 göterim köpelip, 5,6 milliard dollar bolupdyr. Şeýlelikde, girdeji babatda elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan “Tesla” kompaniýasyndan öňe geçdi. Amerikan brendi geçen ýyl 97,7 milliard dollar girdeji alypdy. BYD 2024-nji ýylda 4,3 million dolulygyna elektrik energiýasy bilen hem-de gibrid ulag satypdyr. Hytaý kompaniýasy degişli döwürde öndüren ulaglarynyň 29 göterimini eksport edipdir. Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 2 göterim ýokary bolupdyr. Golaýda bolsa kompaniýa 5 minutda zarýad alyp bilen elektroulagyny tanyşdyrypdy.

Döwlet Muhammedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.