18-19-njy sentýabrda Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) geçiriler. Mundan ozal halkara serginiň Aşgabatda geçiriljekdigi mälim edilipdi. Guramaçy topar serginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdigini habar berdi. Hazar deňziniň şypaly kenarynda geçiriljek foruma gatnaşyjylara işlemäge ähli amatly şertler dörediler. Wekiliýetleriň gatnaşmagy üçin 17-sine Aşgabat-Türkmenbaşy, 19-yna Türkmenbaşy-Aşgabat aralygynda uçar gatnawy ýola goýlar. Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen myhmanhanalaryň we çäreleriň geçiriljek ýerleriniň aralygynda rahat awtobuslar göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan ýylyň esasy ykdysady wakasy bolan TIF ikinji gezek geçirilýär. Forum ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin maýadarlary, işewürlik dünýäsiniň ýolbaşçylaryny we hünärmenleri bir ýere jemlär.
Gatnaşmak üçin hasaba alnyş 10-njy sentýabra çenli dowam edýär.
Habarlaşmak üçin: contact@turkmencongress.com, +993 71 87 18 14