«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň abraýly 100 adamy babatda taýýarlan sanawyny çap etdi. Sanawda döredijilik adamlary, türgenler, syýasatçylar, alymlar we işewürler bar. Bu sanaw hemişe bolşy ýaly, «Artistler», «Ikonalar», «Titanlar», «Liderler», «Täzelikçiler» we «Pionerler» ýaly alty ugra bölünýär. Žurnalyň bu ýylky daşlygynda aktrisa Demi Mur, britaniýaly aýdymçy Ed Şiran, tennisçi Serena Uilýams we repçi Snup Dog ýerleşdirilipdir.
«Artistler» ugry boýunça Edrian Broudi, Bleýk Laýwli, Skarlett Ýohansson, Hiroýuki Sanada, Kristen Bell, Daniel Deduaýler, Adam Skott, Kristen Uig, Diego Luna, Deniel De Kim, eýranly režissýor Mohammad Rasulof, aýdymçylar we sazandalar Roze, Nikol Şerzinger, Hozier we beýlekiler orun alypdyr.
«Ikonalar» ugruna bolsa modelýerler Miuçça Prada we Willi Çawarriýa, suratkeşler Ýositomo Nara, Mikalen Tomas, arhitektorlar Annabel Selldorf, Ma Ýansong, ýazyjylar Persiwal Ewerett, Emi Griffin, Brenden Jeýkobs-Jenkins ýaly moda, şekillendiriş sungatynyň we edebiýat ulgamynyň wekilleri girýär.
Ilkinji 100-lüge Serena Uilýamsdan başga-da, gimnastikaçy Simona Baýlz, basketbolçylar Brianna Stýuart we Nafisa Kollier, şeýle-de fransuz ýüzüjisi Leon Marşan girýär.
Bu ýylky sanawda dünýä liderleriniň we syýasatçylarynyň arasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, “SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we häzirki wagtda ABŞ-nyň Hökümet netijelilik boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Ilon Mask, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer, ABŞ-nyň saglygy goraýyş we sosial gulluklar ministri Robert F. Kennedi-kiçi göze ilýär. Bu ugra şu ýyl “Facebook”-yň esaslandyryjysy Mark Sukerberg, “Netflix”-iň ýolbaşçysy Ted Sarandos, “Delta Air Lines” awiakompaniýasynyň baş direktory Ed Bastian, “DeepSeek”-iň esaslandyryjysy Lýan Wenfen we beýlekiler hem girizildi.
Donald Tramp neşiriň sanawyna rekord derejede ýedinji gezek girýär. Ilon Mask alty gezek, Mark Sukerberg bäş gezek, Serena Uilýams, Lorn Maýkls we Simona Baýlz bolsa üç gezek girizildi.