Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert tomaşaçylar üçin iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi. Sazandalar köpüň söýgüli teleseriallaryndaky meşhur sazlary ýerine ýetirdiler.
Röwşen Nepesow dirižýorlyk etmegi Eziz Jumanyýazowa berip, özüni konserti alyp baryjy hökmünde tanatdy.
Konsert dürli ýurtlaryň Täze ýyl aýdymlary bilen açyldy. Tomaşaçylar sazandalar bilen bilelikde iňlis, türkmen we rus dillerindäki aýdymlara uly joşgun bilen goşuldylar. Ýaňlanan aýdymdyr sazlar dürli ýyllardaky ekran eserlerine degişli bolansoň, ähli ýaşdaky tomaşaçylar üçin diýseň täsirli boldy.
Ekranda «Sprut» teleserialynyň rowaýaty komissary Kattani peýda bolýar we filmiň iň dartgynly pursatlarynyň biri gahrymanyň gyzyny ýitirmegi bilen bagly bolan saz ýaňlanýar. Batyr polisiýa işgäriniň köp sanly janköýerleri ýene-de oňa duýgudaşlyk bildirýärler.
Soňra bolsa, wagtynda köp sanly tomaşaçyny telewizoryň öňünde jemlän «Santa-Barbara» filminiň tanyş sazy ýaňlandy. Zala ýygnananlar bu filmiň baş gahrymanlary bolan Sisi, Iden, Kruz, Kelli, Meýson we beýlekiler bilen “duşuşdylar. Bu serial öz wagtynda tomaşaçylar tarapyndan şeýle bir gyzgyn garşylanypdy welin, hatda ol barada dürli rowaýatlar hem döräpdi. Alyp baryjy olaryň käbirini tomaşaçylara gürrüň berdi.
1990-njy ýyllaryň kynçylyklaryna duçar bolan ýigitleriň polat ýaly berk dostlugy barada «Brigada» filminiň sazy we ekrandaky iň täsirli pursatlar şol döwrüň ruhuny täzeden dikeltdi.
Häzirki wagtda has köp tomaşaçyny özüne çekýän türk seriallaryndan bolsa «Leýla», «Uzak şäher», «Eşref Rüýa», «Kara Sewda» ýaly filmleriň sazlary ýaňlandy. Konsertiň tomaşaçylary dürli halklaryň we medeniýetleriň filmlerinde şekillendirilen belent duýgularyň dünýäsine gümra boldular. Zenan partiýalaryny Aýna Baýramgeldiýewa we Nurbibi Nepesowa uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Konsertiň dowamynda Röwşen Nepesowyň kompozisiýa esasynda onuň şägirdi Gulgeldi Gatyýewiň tanyşdyrylyşy boldy. Ol özüniň düzen «Meniň dostum» we «Şadyýan tans» atly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Alyp baryjynyň «Meniň dostum» diýen eseriň kime bagyşlandygy baradaky soragyna ýaş kompozitor «Pianino» diýip jogap berdi.
Konsert maksatnamasyny sahnanyň ýene bir myhmany – Türkmenistanyň halk artisti, zarply saz gurallarynyň ussady Hakberdi Allamyradow jemledi. Ol özüniň «Awçy mukamy» atly eserini ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar sazlaryň ajaýyp ýerine ýetirilendigi we ekrandaky pursatlar arkaly döredilen ýakymly ýatlamalar üçin Hakberdi Allamyradowa hem-de Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalaryna dowamly el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.