UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finala badalga berlip, 1-nji duşuşyklaryň 2-si oýnaldy. Tapgyryň iň köp ünsi çekýän duşuşygynda, Londondaky “Arsenal” – “Real Madrid” oýnunda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Umumylykda, ähli görkezijiler babatda ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Esasanam londonlylaryň hüjümlerinde Tibo Kurtua öz ussatlygyny görkezdi.

Ýöne 2-nji ýarymda has başgaça oýun görkezen “Arsenal” 17 minutyň dowamynda jogapsyz 3 gol geçirmegi başardy. Gollaryň 2-sini Deklan Raýs öz adyna ýazdyrdy. Ol oýnuň 58-nji minutynda bellenen jerime urgusynda topy 26 metr daşlykdan, “really” futbolçylaryň guran emeli diwarynyň daşyndan aýlanyp, derwezä girizdi. 70-nji minutda bu gezek öňki urga garanyňda, çep tarapa golaý ýerden, ýene-de 26 metr daşlykdan topy 90-lyk diýilýän ýere gönükdirdi. Ol Çempionlar Ligasynda bir oýunda jerime urgusyndan 2 gol salan 4-nji futbolçy bolup, ondan öň Riwaldonyň, Kristiano Ronaldonyň, Neýmaryň hem-de Hakim Ziýeşiň şeýle statistikasy bardy. Ýöne Raýsyň jerime urgularyndan 2 goly pleý-off duşuşyklarynda hem-de “Real Madride” garşy ilkinji gezek hasaba alynýar. Deklan Raýs karýerasy boýunça ilkinji gezek jerime urgularyndan gol geçirdi.

Duşuşygyň 3-nji goluny bolsa 75-nji minutda soňky oýunlardaky gollary bilen öňe saýlanan Mikel Merino öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň dowamynda Tibo Kurtuanyň 5 sany seýfi bolup, şol sanda “Realyň” beýleki futbolçylary-da 3-4 gezek derwezä barýan topy saklamagy başardylar. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda “Realyň” fransiýaly ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinga 2-nji sary kartdan soň gyzyl kart aldy we meýdançadan çykaryldy. Şunlukda, “Arsenal” 1-nji oýunda güýçli garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirip, ýarym finala çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy.

“Real Madrid” topary UÇL-de 2023-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji gezek uly hasap bilen ýeňildi. Ol şonda “Mançester Sitiden” 4-0 hasabynda asgyn gelipdi.

Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Madriddäki Santiago Bernabeu stadionynda oýnalar.