“Toyota Motor” elektroulaglaryny Çehiýanyň Kolin şäherindäki zawodda öndürip başlajakdygyny mälim etdi. Ýapon konserni şu wagta çenli Ýewropada hiç wagt doly elektroulag öndürmändi.
“Toyota” Çehiýada haýsy modeliň öndüriljekdigini we önümçiliginiň haçan başlajakdygyny aýtmady. Kompaniýa diňe munuň üçin Kolindäki zawody ep-esli giňeltmelidigini aýtdy. Munuň üçin, takmynan, 680 million ýewro bölünip berler, şolardan 64 million ýewrony awtoulag öndürijisi Çehiýanyň hökümetinden alar.
Çehiýanyň Premýer-ministri Petr Fialanyň belleýşi ýaly, awtoulag pudagy ýurduň jemi içerki önüminiň, takmynan, 10 göterimini üpjün edýär we “Toyota” kompaniýasynyň karary “ýurtda awtoulag önümçiligini gorap saklamak” üçin möhüm ädimdir. Şu ýylyň mart aýynda “Toyota” Ýewropa bazary üçin dokuz sany täze elektroulagyň çykarylandygyny habar berdi. Olar şu ýyl we indiki ýyl satuwa çykarylar.