ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Alýaskadaky Amber magdan gazyp çykarýan etraba barýan ýoluň taslamasyny tassyklady. Bu taslama kobalt, mis we beýleki ýerasty peýdaly baýlyklaryň uly ýataklaryny özleşdirmäge kömek eder diýlip, Ak Tamyň web sahypasynda aýdylýar.
“Prezident Donald Tramp Alýaskanyň Senagat ösüş we eksport edarasynyň başlangyjyny makullady we öz administrasiýasyna “Amber ýoly” taslamasy üçin zerur bolan ygtyýarnamalary gyssagly bermegi tabşyrdy. Bu taslama Amber magdan etrabyna ulag arkaly elýeterliligi üpjün eder” diýlip beýanatda aýdylýar.
Bu ýol magdan gazyp almak üçin örän möhümdir. Ak Tam şeýle hem Kanadanyň “Trilogy Metals” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny yglan etdi. Bu şertnama Amber sebitinde gözleg işlerini goldamak üçin 35,6 million dollar maýa goýumyny göz öňünde tutýar. ABŞ hökümeti kompaniýanyň 10% paýyna ýene-de 7,5% gymmatly kagyzlaryny satyn almak hukugyna eýe boldy.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jozef Baýdeniň administrasiýasy degişli ýoluň gurluşygyny yza süýşüripdi. Bu karar ýerli daşky gurşawy goramak zerurlygy hökmünde düşündirilipdi.