Inženerler tebigatyň güýjünden has netijeli peýdalanyp, elektrik energiýasyny öndürmegiň täze usullaryny işläp taýýarlaýarlar. «Enova» kompaniýasy has uly ýel turbinalaryň diwaryny gurmagy meýilleşdirýär. Norweg kompaniýasy munuň üçin 1,2 milliard kron (107 million dollar) bölüp berdi. Bu taslamany «Wind Catching Systems» (WCS) kompaniýasy 2029-njy ýyla çenli durmuşa geçirer. Kenara golaý ýerde, suwuň içinde gurulýan ýel beketleri yzygiderli şemal öwüsýändigi sebäpli has ýokary netije berýär. Şeýle hem bu desgalary gurmak üçin haýsydyr bir maksat üçin ulanylýan ýeri boşatmaga zerurlyk duýulmaýar. Soňky ýyllarda ýel beketleriniň has ululary döredilip, olaryň önümçilik kuwwaty güýçlendirildi.
2017-nji ýylda döredilen WCS kompaniýasy az ýerde has öndürijilikli turbinalary gurmagyň ýollaryny gözledi. Netijede, inženerler bir sany uly turbinanyň deregine, kiçi, emma köp turbinany bir diwaryň ýüzüne ýerleşdirmegi makul bildiler. Kompaniýanyň inženerleri bu usulyň adaty üç perli turbinadan 2,5 esse öndürijiliklidigini belleýärler.
Synag maksatly ýel turbina diwary Bergen şäheriniň golaýynda kenarýakada gurlar. Taslama ýurduň Daşky gurşaw ministrligi hem maliýe goldawyny berer. Bu desganyň önümçilik kuwwaty 40 MW bolar.
Maksat GURBANOW,
Saýat etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.