UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji gününde tapgyryň iň köp ünsi çeken duşuşygy Turinde oýnaldy. 1997-nji ýylda finalda duşuşan 2 toparyň bu oýnunda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmundy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Ýöne 2-nji ýarymda janköýerler 8 goluň şaýady boldular. 52-nji minutda Adeýemi myhmanlary öňe saýlady. 63-nji minutda Kenan Ýyldyz hasaby deňlese-de, bary-ýogy 2 minutdan soň bu gezek Nmeçanyň owadan goly bilen nemesler ýene öňe geçdi. Bu goldan 2 minut soň Wlahowiçiň goly bilen “Ýuwentus” 2-nji gezek hasaby deňledi. Dortmundlylar 74-nji minutda Ýan Koutonyň goly esasynda 3-nji gezek öňe geçmegi başardy. 86-njy minutda Bensebaini penaltini dürs urup, aratapawudy 2 gola çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik italýan kluby 90-njy minutdan soň 2 gol geçirdi. 90+4-nji minutda Wlahowiç “Ýuwentusyň” 3-nji goluny salan bolsa, 90+6-njy minutda onuň pasy bilen Loýd Kelli hasaby deňledi. Oýna 58-nji minutda girip, 2 gol geçiren we 1 asist eden Wlahowiç duşuşygyň iň ökde oýunçysy saýlandy. Bu duşuşyk UÇL-niň çäginde iň köp golly deňme-deňlik rekordynyň gaýtalanan oýny boldy.