Türkiýe respublikasynyň ýokary bilim ulgamyndaky esasy maksatnamasy bolan «Türkiye Bursları» halkara talyp haklary gatnaşmak üçin arzalaryň 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji fewrala çenli kabul edilýändigini habar berilipdi. Bu maksatnama 1992-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Şu güne çenli 5000-den gowrak türkmen talyby Türkiýede bilim almak mümkinçiligine eýe bolupdyr. Geçen ýylda bolsa ýurdumyzdan 45 adam talyp hakyny aldy. Bu barada 30-njy ýanwarda Türkiýäniň ilçihanasynyň ýanyndaky Türk medeni merkezinde geçirilen maksatnamanyň onlaýn tanyşdyrylyşynda habar berildi.
«Türkiye Bursları» — daşary ýurtly talyplaryň türk uniwersitetlerinde ýokary bilim almaklaryny goldamaga gönükdirilen Türkiýäniň döwlet talyp haklary maksatnamasydyr. Bu maksatnama ýylda 5000 talyp hakyny berýär we Türkiýäniň daşary ýurtly talyplar üçin iň uly talyp haklary maksatnamasy bolup durýar. Maksatnama aýlyk talyp haky görnüşinde maliýe goldawyny bermek bilen bir hatarda, okuw, ýaşaýyş jaý, lukmançylyk ätiýaçlandyryş we ulag çykdajylaryny hem öz içine alýar.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler turkiyeburslari.gov.tr resmi saýty arkaly arza berip bilerler. Maksatnama bakalawr, magistratura we doktorantura boýunça talyplar üçin açyk bolup, dürli bilim ugurlarynda okamak mümkinçiligini berýär.