16-njy maýda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa welaýatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Alanýa uniwersitetiniň bilelikde geçiren sergisiniň açylyş dabarasyna Türkiýäniň belli medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlaryň belläp geçişi ýaly, Türkmenistan öz ägirt uly meýilnamalaryny we iri maksatnamalaryny Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan hut parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna, şeýle-de deňhukukly halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp amala aşyrýar.
Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň üstünligini we oýlanyşyklylygyny şöhlelendirýän surat panoramasy görkezildi.