Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işler alyp barylýar.
Sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder.
Bu barada 13-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.