Häzirki wagtda  her ýyl ge­çi­ril­ýän “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça degişli işler al­nyp ba­ryl­ýar.  Ýur­du­myz­da ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan bu bäs­le­şi­gi eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka we aw­to­ma­ti­za­si­ýa, “akyl­ly” oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, “akyl­ly” şä­her, bi­lim we elekt­ron okuw, san­ly luk­man­çy­lyk hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäs­le­şik­de hö­dür­le­nil­jek tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly çöz­güt­le­ri we tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Bu barada 13-nji iýunda geçirilen san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň  mej­li­si­nde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew “ha­sa­bat ber­di.