Türkiýe Respublikasynda hem-de Siriýada öten agşam (Stambul wagty bilen 04:17-de) güýçli ýer titreme boldy. Tebigy hadysanyň merkeziniň Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabydygy mälim edildi. 7,4 bal ululygynda bolup geçen ýertitremäniň Müsürde, Liwanda, Kiprde we Yrakda hem duýlandygy mälim edildi. Türkiýede we Siriýada köp sanly adam pidalarynyň bolandygy habar berilýär.