11-nji dekabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi barada gutarnykly çözgüt kabul edildi.
Bu çözgüt Komitetiň 24 agzasynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldandy. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasy bilen bilelikde taýýarlanan hödürnama bukjasyna ussatlaryň, itşynaslyk bilen meşgullanýan maşgalalaryň, alym-barlagçylaryň, şeýle hem alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň meşhur bilermenleriniň we muşdaklarynyň giňden gatnaşmagy girizildi.
Mejlisiň dowamynda döwletleriň Konwensiýanyň çäginde dürli sanawlara girizmek üçin hödürlän 66 milli we köpmilli hödürnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si Gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.
Hökümetara komitetiniň mejlisiniň işi şu ýylyň 13-nji dekabrda tamamlanýar.
Mejlisiň dowamynda Gruziýada bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň däp-dessurlarynyň we urp-adatlary, Italiýanyň aşhana däbi we beýleki gymmatlyklar täze sanawa girizildi.
PDF









