Türkmen behişdi bedewleriň döreýşiniň gadymydygyny taryhy çeşmelere ýüzleneňde, doly göz ýetirmek bolýar. Bedew atlaryň asly taryhynyň syrly gatlaryndan gaýdýar. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirilende, türkmeniň beýleki gymmatlyklary bilen birlikde bedewleriň hem gadymydygynyň üstüni açýar.
At ynsanyň syrdaşy, aty bar adamyň mydama dosty ýanynda ýalydyr. Türkmeniň geçmişden söz açýan eserlerinde-de, dessanlarynda-da at hakynda gürrüň edilýär. At eýesine wepaly jandar bolup, ol ony ähli kynçylyklardan alyp çykmagy başarýar. Atyny janyndan hem eziz görýän türkmen ýigidi aty bezemäge hem uly üns beripdir. Zergärlerimiz nepis şaý-sepleri kümüşden ýasap hakyk, pöwrize daşlary bilen bezäp altyn çaýyp gaýyşa berkidip, şaýyny bedew atlary üçin ýasapdyrlar. Göwüsbende, boýunlygy, gözlüge dakylan şelpeler, uçup barýan bürgüdiň şeklinde edilipdir. Bulardan başga-da, gadymdan bäri atlara göz degmesin diýip hem-de bezeg üçin niýetlenip ulanylýan dogabag, alaja, dürli dogajyklar dakylypdyr. Dogabag ini üç barmagyň ininde dokalyp, atyň boýnuna dakylýar. Häzirki döwürde türkmen aýal-gyzlary bedew atlary bezemek üçin täze bezegler döredýärler.
Atyň boýnuna dakylýan dogabag görnüşdäki halyçylaryň birnäçe görnüşleri bar, türkmen zenanlary yhlas edip dokan bezeg üçin niýetlenen halyçylary atlaryň görküne görk goşýar. Öňki wagtlardan bäri sowukdan, çybyn-çirkeýden, ýara düşmekden goramak üçin atyň üstüne ýapylýan ýapynjalar mydama aýal-gyzlar tarapyndan taýýarlanypdyr. Olara jul, at keçe, basyrgy, ýapynja, içergi, derlik ýaly esbaplar girýär.
Jul atyň üşemezligi üçin onuň üstüne ýapylýan örtgi, köýnekçe bolsa, juluň bezeg üçin edilen görnüşidir. Häzirki döwürde juluň, köýnekçäniň dürli matadan tikilýän görnüşinden başga-da, haly görnüşi hem bar. Onuň haly görnüşini aýal-gyzlar dürli türkmen gölleri bilen bezäp, atyň üstüne, kä ýagdaýlarda eýeriň üstüne laýyk geler ýaly edilip baýramçylyklarda bezeg ýa-da sowgat etmek maksady bilen dokalýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary gurlup, häzirki wagtda olarda at çapyşyklar, toý ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar.
At türkmenler üçin mukaddeslikdir, ol hakynda gör näçe rowaýatlar, ertekiler, atalar paýhasy sözler, nakyllar döredildi.
Türkmen ýelden ýüwrük bedewlerimiz hyýaly beýan etmeler türkmen zergärlerinde, halyçylygynda hem söýgüli gahrymanlaryň biri bolmagy geň däldir. Bu babatda atyň keşbi edil folklor eserinde bolşy ýaly, arzuw-hyýal, şowlulyk, ähli aýdyň we hoşniýetli zatlar bilen utgaşyp adamyň kalbyna barabar suratlandyrylýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda merkezinde şekillendirilen ahalteke bedewiniň keşbi ýurdumyzyň azatlygy we garaşsyzlyga beslenip, ýagty geljege tarap okgunlylygyny beýan edýär. Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşini bedew bady bilen deňeşdirilmegi ýöne däldir.
Edil durmuşdaky ajaýyp ornunyň bolşy ýaly, türkmen bedewiniň tebigata ýakynlygy, ýaraşyklylygy, ýel ýaly ýüwrükdigi, ýaryşynda guşdan ozmagy asyrlaryň döreden ajaýyp aýdymydyr.
Türkmen bedewleriniň sungatdaky ýeten şöhraty ony dünýä meşhur eden ajaýyp syn-syratlarynyň biridir. Ahalteke bedewleri we nepis halylary, şaý-sepleri türkmeniň dünýä medeniýetine goşan bahasyz goşandy bolup durýar.
Ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda hem wagyz etmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde atçylyk pudagy has-da pajarlap ösýär. Türkmen behişdi bedewleriniň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä özboluşly ýalkym saçyp, onuň geljegi barha artýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen bedewiniň baýramy uludan tutulýar. 2011-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň 1-nji mejlisi hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly III-nji Halkara ylmy maslahaty bolup geçdi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlerimiz barada ýazan “Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” ýaly kitaplarynda ajaýyp milli mirasymyz bolan naýbaşy ahalteke atlar barada gürrüň berilýär. Şeýle hem ýaş nesillere atçylyga bolan söýgüsini ösdürmekde, geljekki atşynaslar bolmalydygyna göz ýetirýärsiň.
Täzegül Öwezmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
PDF









