Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleriniň guramaklarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesiniň, Türkmenabat şäheriniň 4-nji, 11-nji, 20-nji 27-nji orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmen bedewiniň şan-şöhraty ÝUNESKO-nyň sanawynda ýaňlanýar” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarany guraýjy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri muzeýiň işgärleri bilen gamyşgulak bedewleriň uly möçberli surat sergisini gurnap, täsir galdyryjy pursatlary döretmegi başardylar. Dabaranyň barşynda Lebap welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowanyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň hünärmenler Gunça Pamyýewanyň, şeýle-de TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Näzik Şiriýewanyň eden çykyşlarynda özüniň owadanlygy, çydamlylygy, duýgurlylygy, wepadarlylygy bilen dünýäde meşhurlyga eýe bolan bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan höküminde Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli buýsançly gürrüňler edildi. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň dünýäde iň abraýly guramalaryň biri hasaplanylýan ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp ornunyň bardygy bellenilip, owadanlykda, duýgurlykda, çydamlylykda, wepadarlykda deňi taýy bolmadyk türkmen bedewleriniň, olaryň bezeliş aýratynlyklary dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Bu ýerde gurnalan surat sergisi bolsa çäräniň täsrini artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglygyny, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Dabaranyň esasy maksady gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mukaddesliklerimiziň dünýä möçberdäki, şan-şöhratyny wasp etmekden ybarat boldy. Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplar we bedewleriň at bezegleriniň aýratynlyklaryny giňden beýan edýän fotosuratlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.

Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.