Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär hem-de bu özboluşly tohumyň naýbaşy wekilleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Baýramçylyklaryň aýrylmaz bölegi bolan at çapyşyklaryny geçirmek üçin paýtagtymyzda, welaýatlarda döwrebap atçylyk toplumlary guruldy, ugurdaş infrastruktura döredildi. 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara täze itergi berdi. Sportuň Olimpiýa görnüşi bolan konkury ösdürmäge täze itergi berildi. Bu sport görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek.
Owadanlygy, syrdamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri milli hem-de dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Taryhy maglumatlara görä, 5 müň ýyllyk taryhy bolan meşhur bedewlerimiziň nesil ugry öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ir döwürden bäri seýislerimiz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we kämillik derejesine ýetirilen ahalteke bedewleri dünýäde beýleki meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, dosty bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhunyň nyşanyna öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri dünýäde behişdi bedewlere, olaryň kämil keşbine we özboluşly häsiýetlerine haýran galynýar. Şu ýylda meýilleşdirilen dürli çäreler ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga, milli atçylyk sungatyny halkara derejede wagyz etmäge gönükdirilendir.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýylyň şygary bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreler hem-de onuň döwürleriň we nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny görkezýän nyşany Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan döredijilik ýolunda täze sepgitlere bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär. Olarda ýurdumyzyň döwletlerdir halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, ynamy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşýan medeni we sport diplomatiýasyny ilerletmek arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy öz beýanyny tapýar.
Aýna Welmyradowa,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň umumy bölüminiň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
PDF









