Golaýda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Halaç etrap komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde Halaç etrap medeniýet bölüminiň Merkezi kitaphanasynda “Gamyşgulak bedewlerimiziň mertebe-barlygy YUNESKO-nyň sanawynda şöhlelenýär” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresine Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy zenanlary, etrabyň jemgyýetçilik guramasynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, mekdeplerden okuwçy ýaşlar, mugallymlar, dilleri senaly aksakgal goşalarymyz, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň guraýjylary bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Halaç etrap komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, Halaç etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasynyň işgärleri bilen bedewleriň surat sergisini gurnap, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyndan jümleleri okap täsir galdyryjy pursatlary döretmegiň hötdesinden geldiler. Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümiň hünärmenleriniň ýörite taýýarlan gerbäpleriniň sergisiniň hödürlenmegi bolsa, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň özara baglanyşygyny açyp görkezip, ynsan kalbyny joşa getirdi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň bölümçe müdiri Maýsa Çaryýewanyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Gunça Pamyýewanyň, Halaç etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gyzylgül Hammedowanyň, hormatly dynç alşyň hözirini görüp gelýän enemiz Ogulsapar Çaryýewanyň, etrabyň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy, mirasgär Hasanguly Hudaýberdiýewiň eden çykyşlarynda özüniň owadanlygy, çydamlylygy, duýgurlygy, wepadarlygy bilen dünýäde meşhurlyga eýe bolan bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan hökmünde Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni, mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli buýsançly gürrüňler edildi. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň dünýäde iň abraýly guramalaryň biri hasaplanýan ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge mynasyp ornunyň bardygy bellenilip, owadanlykda, duýgurlykda, çydamlylykda, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleriniň, olaryň bezeliş aýratynlyklary dogrysynda çykyşlar edildi. Bu ýerde edilen çykyşlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, olar üçin gurnalan surat we bedewleri wasp edýän kitap sergisi bolsa, olarda ruhubelent duýgylaryny oýardy. Dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, şeýle abraýly halkara guramalaryň medeni mirasynyň sanawynda orun almagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglygyny, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagy arzuw edildi. Dabaranyň esasy maksady gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mukaddesliklerimiziň dünýä möçberdäki şan-şöhratyny wasp etmekden ybarat boldy. Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplar we bedewleriň at bezegleriniň aýratynlyklaryny giňden beýan edýän suratlar, kitap sergileri bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.
Şir Bekmuradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň başlygy.
PDF









