Ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li ama­la aşyr­mak bi­len, dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri, şol san­da arap dün­ýä­si­niň ýurt­la­ry bi­len deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň däp bo­lan dost­luk­ly, ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­mek ge­rek. Bu hyz­mat­daş­lyk soň­ky ýyl­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy we baý­laş­dy­ryl­dy.
Türk­me­nis­tan bi­len BAE-niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, ab­raý­ly se­bit hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de dep­gin­li ös­dü­ril­ýär.

Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­na mah­sus yna­ny­şyk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki dia­log ýar­dam ber­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne şu ge­zek­ki sa­pa­ry we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki no­bat­da­ky gep­le­şik­le­ri döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze, mö­hüm sa­hy­pa­ny aç­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Sa­pa­ryň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan hem-de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Prezidentiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­len du­şu­şyk­lar ge­çir­di.
Gep­le­şik­ler wag­tyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­niň tu­tuş top­lu­my, şeý­le-de ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Türk­me­nis­tan we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri te­bi­gy baý­lyk­la­ryň uly gor­la­ry­na eýe bo­lan, ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­le­şen, dep­gin­li ös­ýän döw­let­ler­dir.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­my hä­zir­ki gün­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. Bu ugur­da ägirt uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan te­bi­gy ga­zy eks­port edi­ji döw­let­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty ös­dü­ril­ýär, onuň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň giň gör­nü­şi hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­ka­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz BAE-niň öň­de­ba­ry­jy ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dyr. Ta­rap­lar Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň iri ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky ägirt uly «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň no­bat­da­ky tap­gyr­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge iş­jeň gat­naş­mak­la­ry ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­rap­lar sa­pa­ryň bar­şyn­da «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni bi­len Abu-Da­bi­niň Mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (AD­NOC) ara­syn­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi­ni gol­da­dy­lar.
Ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­da iki ýur­duň port dü­züm­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly ut­gaş­dy­ry­lan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler bar.
Şeý­le hem bu sa­par iki ýur­duň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da hem hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der. Çün­ki Gahryman Arkadagymyz sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Pars aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da ge­ze­lenç et­di we bu ýe­riň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de çöl ýer­le­rin­de, aý­la­gyň ke­na­ryn­da dü­ýe­li ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni na­zar­da tu­tup, bu ýer­de dü­ýe­li ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­ýan dü­zü­miň hü­när­men­le­ri bi­len gür­rüň­deş bolup, bi­ziň ýur­du­myz­da hem dü­ýe­dar­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne üns be­ril­ýän­di­gi­ni, «Dü­ýe ma­ly – dün­ýe ma­ly» di­ýen paý­has­ly jüm­lä­ni dö­re­den hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dü­ýe­le­re aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Umu­man, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lan tej­ri­be­si­ni öw­ren­me­giň äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da sy­ýa­hat­çy­lyk-şy­pa­ha­na ug­ry bo­ýun­ça tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­niň iş­jeň ula­nyl­ma­gy­nyň bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny üp­jün et­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mah­la­sy, türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­gyň bar­şyn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy uzak möh­let­le­ýin esas­da mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, bi­le­lik­dä­ki tä­ze tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy goý­ýar.

Röw­şen SA­PAR­GU­LY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.